logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GEŇEŞLI MASLAHAT - ÄHMIÝETLI ÇÖZGÜT

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň «Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän» bölüminiň we TDP-niň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty - demokratiýanyň milli nusgasy» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan guralan «Belent maksatly işler rowaçlyga beslenýär» atly giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.