Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gerçekler hakydamyzda baky ýaşaýarlar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebine öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Watana çyn ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezen gahrymanlarymyza goýulýan çuňňur hormatyň, hem-de türkmen halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydygy barada beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watan gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.