logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Germaniýada Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestriniň üstünlikli çykyşy

2026-njy ýylyň 31-nji iýuly 16-njy awgusty aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde ýaş sazandalaryň dünýä derejesindäki döredijiligini görkezýän iň iri halkara medeni çäreleriň biri bolan «Young Euro Classic» halkara ýaşlar orkestrleriniň festiwaly geçirilýär. Ol her tomus Berlin şäheriniň taryhy “Konzerthaus” sungat ojagynda geçirilip, bu halkara çäresi Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan hem-de dünýäniň beýleki sebitlerinden zehinli sazandalary bir ýere jemleýär.

Festiwalyň sahnasynda dürli ýurtlaryň iň tanymal ýaşlar orkestrleri çykyş edýärler. Bu ýerde häzirki zaman kompozitorlarynyň dünýä we nemes premýeralary tanyşdyrylýar.

Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestri 2026-njy ýylyň 8-10-njy awgusty aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda bu dabaraly sungat forumyna gatnaşdy. Orkestre Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow dirižýorlyk etdi.

Şu ýyl bu saz baýramçylygyna dünýäniň 20-ä golaý döwletinden iň saýlama orkestrler we tanymal sazandalar çagyrylyp, festiwala Germaniýa, Awstriýa, Italiýa, Portugaliýa, Sloweniýa, Demirgazyk Irlandiýa, Lýuksemburg, Estoniýa, Ukraina, Türkiýe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hytaý, Hindistan, Türkmenistan döwletlerinden ýaşlar simfoniki orkestrleri we Täjigistan, Wýetnam, Argentina, Marokko, Müsür döwletlerinden bolsa milli saz gurallar orkestrleri gatnaşýarlar.

Festiwalyň guramaçylary tarapyndan ýaş nemes sazandalary höweslendirmek maksatnamasynyň çäklerinde, tejribe alyşmak maksady bilen, zehinli sazanda Ýakob Sili türkmen orkestriniň düzümine goşuldy.

Ýaş sazandalaryň halkara saz baýramçylygy 9-njy awgustda Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy bilen dowam etdi. Berliniň meşhur “Konzerthaus” konsert zaly türkmen orkestrine tomaşa etmek üçin 1300 golaý saz muşdaklaryny özünde jemledi. Konserde Berlin şäherinde ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, tanymal sazandalar we Germaniýanyň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler hem gatnaşdy.

Konsertiň maksatnamasyna türkmen kompozitorlarynyň döredijiligini giňden tanyşdyrmak maksady bilen, türkmen nusgawy saz sungatynyň altyn hazynasyna giren eserler – Çary Nurymowyň joşgunly Fortepiano konserti, Weli Muhadowyň watançylyk ruhy bilen ýugrulan «Meniň Watanym» simfoniki poemasy, Nury Halmämmedowyň nepis «Türkmenistan» simfoniki şekilleri hem-de «Aýgytly ädim», «Keçpelek» kinofilmleriniň unudylmajak sazlary nemes tomaşaçylarynda çuňňur täsir galdyryp, olaryň gyzgyn söýgüsine hem-de dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Festiwalyň şertine laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestri ýaş amerikan kompozitory Aýdan Goldyň ýurdumyzyň giň sähralaryny döwrebap saz dili bilen suratlandyrýan «Songs from Turkmenistan» («Türkmenistanyň owazy») hem-de fransuz kompozitory Pierre Thilloýyň «Diable qui danse» (Ruhy tans) atly çuňňur pelsepewi eserlerini Berlin sahnasynda ilkinji gezek Ýewropa diňleýjilerine ýetirdi.

Saz muşdaklarynyň şowhunly el çarpyşmalary we konserte ýörite gelen Aýdan Goldyň ýokary bahasy türkmen ýaşlarynyň halkara sahnasyndaky uly üstünligini ýene bir gezek subut etdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan ýaş kompozitor Aýdan Gold konserdi görmek üçin ýörite Berlin şäherine geldi we türkmen orkestriniň çykyşyna ýokary baha berdi. Bu çykyşdan soň ýaş amerikan kompozitory sahna çagyryldy. Türkmen sährasyny häzirki zaman saz tilsimleri bilen beýan edýän bu joşgunly saz tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bu çärä aýratyn öwüşgin paýlady.

Konsert tamamlanandan soňra, festiwalyň guramaçylary, oňa gatnaşan sungat söýüjiler Türkmenistanyň ýaşlar orkestriniň we onuň dirižýory Resul Gylyjowyň ýokary baha mynasypdygyny aýratyn belläp, türkmen sazandalar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklanyljakdygyny, konsertiň ahyrynda nemes diňleýjiniň türkmen orkestrini aýaga galyp alkyşlamagy bolsa uly derejeden nyşandygyny mälim etdiler.

Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň bu iri festiwala gatnaşmagy türkmen saz sungatynyň halkara medeni giňişligindäki ornuny görkezýän möhüm waka boldy.

Festiwala gatnaşan ýaş sazandalar halkara derejesinde geçirilýän dabaralara gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.