logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GETIRÝÄR ÄHLI ÝOLLAR, BU GÜN TÜRKMENISTANA

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Getirýär ähli ýollar, bu gün Türkmenistana» atly gepleşigi ýazgy etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň biziň ýurdumyzda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi halkymyzyň dünýädäki abraýyny belende göterýänligi barada buýsançly gürrüňler diňlenildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bu babatdaky meselelerini oňyn çözmekde ýurdumyzyň geografik, geosyýasy we geoykdysady ýerleşişiniň iňňän amatly şertleri döredýändigini, aýratyn hem berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşýän deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kiçi ada döwletleriň hem-de az ösen ýurtlaryň dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny sazlaşykly ýola goýmakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan döwletimizi parahatçylygyň we ynanyşmagyň watanyna öwrüp dünýä halkaryny bir supranyň başynda jem edip beýik döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan edidi.