Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Giň gujagy çemenli - gülli Nowruz gelipdir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenşiň baýramy bolan Nowruz baýramy ata-babalarymyzdan we pederlerimizden miras galan gadymy baýramy bolup, ajaýyp dünýäli bahar nurana baýramlaryň biri bolan Nowruzyň gelendigini buşlap, kalbymyzy iň gowy duýgulara gaplaýandygyny, baglarda saýrak bilbiller owaz edip, ynsanyň durmuşa, ýaşaýşa bolan söýgüsini has-da artdyrýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda asyrlara uzaýan özboluşly däp-dessurlarymyzy, gadymy baýramçylyklarymyzy täze döwrüň ruhy bilen galkyndyran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegi arzuw etdiler.