Türkmenistanyň medeniýetiň ösüşinde şahsyýetleriň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Halkymyzyň baý saz sungatynyň çäklerinde dürli saz gurallarynda ussatlar ýetişipdir. Ussatlaryň arasynda halypa mugallym, goboýçy «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Ýolaman Saryýewiň döredijiligi we pedagogik işleri aýratyn bellärliklidir. Onuň sungaty diňe ýerine ýetirijilikde däl, eýsem ýaş nesillere halypalyk edip, olaryň dünýäniň giň sahnalarynda çykyş etmegine ýol açmakda-da uly ähmiýete eýe boldy. Ýolaman Saryýew özüniň sazlaşdyryjy we ýerine ýetiriji döredijiligi bilen türkmen halk saz sungatynda aýratyn ýer eýeleýär.
Ýolaman Saryýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep internadynda mekdep okuwçylaryna, ýaş talyplara, goboýçylara ussatlyk bilen sapak berýär. Ol öz şägirtlerine döredijilikde erkin bolmagy, milli mirasa hormat goýmagy, dünýäniň saz sungatyndaky öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmagy wagyz edýär. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň köpüsi ýurdumyzda we halkara bäsleşiklerde üstünlik gazandylar.
Mälim bolşy ýaly, ildeşlerimiziň sarpalanylmagy ýurdumyzda durmuş tejribesini, bilimini, zähmetini, we zehinini Watana gulluk etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna hormat bilen garalýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi hormatly atlara, şa serpaýlara mynasyp boldular. Şeýle şa serpaýa mynasyp bolmagy Ýolaman Saryýewe hem nesip etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly beýik şa serpaýa eýe boldy. Beýik şa serpaýy almagy bilen döredijilikde zähmet çekmäge döredilen ähli şertler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp özüniň ýürek buýsanjyny sözledi.
Dürjemal ÇAŇLYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy