logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GÖK GÜMMÜRDÄP GITDI UZAK ÝERLERE

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde «Gök gümmürdäp gitdi uzak ýerlere» – atly Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowy ýatlap, duşuşyk geçirdi.

Türkmen edebiýatynyň görnükli şahyry G.Ezizowyň goşgularynda watana söýgi, adamkärçilik, ene-ata hormat, dostluk we durmuş pelsepesi çuňňur beýan edilýär. Ussat şahyryň eserleri okyjynyň ýüregine ýakyn bolup, şygyrlarynyň ählisi sadalygy we çuň manysy bilen tapawutlanýar. Ol söz arkaly adamlary ýagşylyga çagyrmagy başaran şahyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde şahyryň goşguly kitaplary täzeden neşir edilip okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Ine şular babatynda kitaphana hünärmeni ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar edebiýatymyzy, sungatymyzy ösdürmeklige goşant goşan şahsyýetleriň adyny ebedileşdirip, olaryň döredijilik ýolyny öwrenmeklige giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.