Hormatly Prezidentimiz muzeýler ulgamynyň ýaşlaryň dünýägaraýyşyny giňeltmekde esasy medeniýet ojagydygyny aýratyn belledi.
Ýurdumyzyň her şäherlerinde, welaýatlarynda, etraplarynda täze muzeý dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalarynyň gurulmagy türkmen halkynyň taryhynyň geljege ýaň salýandygyny subut edýär. «Berkarar döwletiň – täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe sagdyn we ruhubelent nesliň kemala gelmegi üçin edilýän işler örän köp. Gahryman Arkadagymyz «Gadyrly ýaşlar! Beýik Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent abraýyny goramak we barha artdyrmak üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür» - diýip, ýaşlara uly ynam baglaýar.
Biziň «Gökdepe» milli muzeýimiz hem Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, 2009-njy ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkyna öz gapysyny giňden açdy. Muzeýiň binasy Gökdepe metjidi, sadaka berilýän jaýy bilen sazlaşyp mukaddes Gökdepe galanyň içinde ýerleşýär. Mukaddes toprakda salnan bu muzeý Gökdepe söweşiniň gahrymanlaryna bagyşlanýar.
Bu gün «Gökdepe» milli muzeýinde Ahal welaýatynyň Gökdepe çagalar çeperçilik mekdebiniň we çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary gezelençde boldylar. Ýaş nesilleriň muzeýiň täsin gaznasyny, sergi bölümlerindäki ýüzlerçe esbaplaryny tolgunma bilen synlaýanlaryny göreniňde, Gahryman Arkadagymyzyň «Gökdepede dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze muzeýiň gurulmagy we bu ugurda edilýän beýleki tagallalar, biziň halk gahrymanlarymyza goýýan çäksiz hormatymyzdan, milletimiziň şöhratly taryhyny dikeltmäge gönükdirilen asylly işlerimizden aýdyň nyşandyr» diýen parasatly jümlesi seriňe dolýar.
2026-njy ýylda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu muzeýiň taryhy ähmiýetine has hem düýpli göz ýetirdik diýsek ýalňyş bolmaz, sebäbi hemişe asudalygy, parahatlygy maksat edinen eden merdana ata-babalarymyzyň arzuwynyň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanýan döwründe wysal tapanlygyna aýdyň göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem peder ýoluny dowam etdirýär. Şonuň üçin bu günki mekdep okuwçylarynyň bu muzeýe gezelençleri olaryň erkana, asuda döwletde okap bilim alýandyklaryna buýsançlarynyň çäksizdigine olaryň şadyýan ýüzlerinden duýmak bolýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek syýasatyny ynamly dowam etdirip, türkmen halkynyň taryhyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we wagyz etmek, onuň üsti bilen ýaş nesli terbiýelemek işinde janymyzy gaýgyrman işläris.
Goý, halkymyzy asuda günleriň gujagynda bagtyýarlyga ýetiren Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işleri rowaç bolsun!