logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÖKDERE DOSTLUGYŇ HEM ŞATLYGYŇ MEKANY

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, dostlugyň hem şatlygyň mekany gözel Gökderedäki «Nebitçi» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, şahyr Osmanberdi Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalar hakynda edilýän aladalar, olaryň döwrebap şertlerde okap, dynç almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada täsirli söhbet etdiler.

Ene-atalara hormat goýup, olar bilen yzygiderli pikir alşyp, her bir işi maslahatlaşyp ýerine ýetirmek perzent üçin ýagşy ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Ýaş nesillerde ata-enä, eziz Watana bolan belent söýgüni ýokary derejede ösdürmek, watansöýüji nesilleri ýetişdirmekde möhüm orun eýeleýär. Ata-eneleriň durmuş babatdaky pikirleri, maslahatlary has-da gymmatlydyr. Gymmatly hem peýdaly maslahatlary olar geçen durmuş ýollaryndan susup alýarlar. Durmuş bolsa tejribäňi artdyryp kämilleşdirýär. Ata-eneleriň edep-ekrama ýugrulan öwüt-ündewleri, ýagşy görüm-göreldesi uly terbiýe mekdebi-diýip, ýazyjy-şahyrlar çykyşlarynda giňişleýin nygtadylar. Döredijilik duşuşygynda ýazyjy-şahyrlaryň çykyşlaryny, okap beren goşgularyny çagalar höwesli diňlediler. Türkmen halk ertekileriniň many-mazmunyny açyp görkezýän täsirli gürrüňler çagalarda has-da uly gyzyklanma döretdi.

Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň ajaýyp dabaralara beslenip giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar, bagtyýar halkymyzy eşretli döwürde ýaşadýan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren, çagalaryň aýdyň geljegi hakynda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni