logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÖKDERE ŞATLYK-ŞOWHUNYŇ MEKANY

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýan günlerinde bellenilen meýilnama esasynda «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Gökdere şatlyk-şowhunyň mekany» atly edebiýat ertirligini geçirdi.

Ýaş nesliň arzyly möwsümi bolan mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwri başlandy. Okuwda, sportda guwandyryjy netijeleri gazanýan çagalar wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirip sapaly günleri başdan geçirmekleri üçin ýurdumyzyň şypaly, gözel künjeklerinde döwrebap şertler döredildi. Ýurdumyzda aýratyn alada bilen gurşalyp alnan, biziň ertirimiz bolan çagalarymyz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtyýar döwrüň hözirini görüp ýaşaýarlar. Çagalar we ýaşlar üçin ähli şertleriň döredilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmeniniň beren täsirli gürrüňleri ýaş nesillerde uly täsir galdyrdy.

Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan ertekili we çeper eserlerden guran göçme kitap sergimiz ýaş nesillerde uly täsir galdyrdy. Kitap okamaklygyň peýdasy we boş wagtlarynda gyzykly kitaplary okamaklygyň çagalaryň aňyna ýetirýän täsirleri dogrusynda berlen gyzykly gürrüňler ýaşlarda kitap bilen dostlaşmaga endik etmek maksady bilen geçirildi

Edebiýat ertirligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, şadyýan dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize janynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.