logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GÖKDEREDÄKI DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, ýazyjy Ogulgurban Gaşlakowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Ezizgeldi Helleňow, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, ýaş şahyr Süleýman Haýdarow dagy gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň eziz Watanymyzda hem-de halkara derejesinde giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen döredijilik duşuşygynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň çagalar barada edýän uly aladalarynyň, döredilýän giň mümkinçilikleriň, şertleriň örän buýsançlydygyny bellediler.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň çykyşlaryny, okap beren goşgularyny çagalar uly höwes bilen diňlediler. Şeýle hem çagalar öz düzen goşgularyny aýdyp berip, döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Dünýäde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Watanymyz Türkmenistan dörediji ýaşlaryň hem ýurdudyr.

Bu çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşy, ajaýyp geljegi barada uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar.