Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Arkaç» söwda dynç alyş merkezinde, “Aşgabat” teleýaýlymynyň «Bagtyýar çagalyk» gepleşiginiň ýazgy etmeginde «Gör nähili hezillik bahar gelse ilime, suratyny çekeýin, galam alyp elime» atly çäre geçirdi.
Ýaş nesiller bahar paslynyň ajaýyplyklaryny, tebigatymyzyň gözelliklerini öz çeken suratlarynda ussatlyk bilen beýan etdiler. Kitaphana hünärmenleri Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni barada «Nowruznama» atly kitapdan okap beren maglumatlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Nowruz türkmen halk döredijiliginiň dürdäneleri bolan atalar sözlerinde-de, nakyllarynda-da, yrymlarynda-da, türkmeniň däp-dessurlarynda-da öz beýanyny tapýar. Nowruz bilen baglanyşykly döredilen aýtgylaryň, rowaýatlaryň ähmiýeti dogrusynda hem gürrüňler berdi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz diýarymyzy baky baharyň mekanyna öwürip, ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly ynsanlar bolup ýetişmeklerinde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.