logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÖREJI DEÝ, GORAŇ WATANYŇ, ILIŇ ŞOL BEÝIK PEDERLEŇ NESILLERI BIZ!

GÖREJI DEÝ, GORAŇ WATANYŇ, ILIŇ ŞOL BEÝIK PEDERLEŇ NESILLERI BIZ!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Göreji deý, goraň Watanyň, iliň şol beýik pederleň nesilleri biz!» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň yglan eden 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her bir güni täze ösüşlere we täze ýeňişlere beslenýär. Her ýylyň ýanwar aýynyň 27-si bolsa biziň merdana esgerlerimiziň, Watan goragçylarynyň güni bolmak bilen bu baýramçylyk uly ruhybelentlige beslenýär. Biziň ata-babalarymyzyň, pederlerimiziň iň gowy häsiýetlerini, mertligini watansöýüjiligini özünde terbiýeleýän, berk bedenli ýaş nesillerimiz biziň geljekde eziz watanymyzy ähli tarapdan ösdürjek adamlar bolup durýar. Eziz watanmyzyň goragynda berk durýan merdana esgerler olaryň watany goramakda, dürli tehnikalara erk etmeklikde, öz serkerdeleriniň berýän tabşyryklaryny başarjaň berjaý edişleri hakynda şeýle hem beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerini, olaryň watansöýüjiligini,gaýratlydygyny sapak edinýän Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlardyr hakynda uly buýsanç bilen çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.