«Görogly» eposy edebi-çeper gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biridir. Türkmen halkynyň taryhyny, watansöýüjilik we ynsanperwerlik häsiýetlerini özünde jemleýän bu eseriň biziň günlerimize gelip ýetmeginde dessançy bagşylara uly orun degişli. Bagşylaryň dessan aýtmak däbini nesilden-nesle geçirip gelen Daşoguz welaýatynyň bagşylarynyň bu ugurda bitiren hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Dessançylyk sungatynyň ajaýyp nusgasy bolan bu epos bagşylaryň dilinde dessan bolup dünýäni aýlanýar. Çünki, agzybirligi, adalatlylygy, dost-doganlygy ündeýän bu uly göwrümli eser umumadamzat gymmatlygy hem-de özboluşly terbiýeçilik mekdebidir.
Bagşydan sesiniň, ýatkeşliginiň we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýokary derejesini talap edýän dessançylyk sungaty köpasyrlyk taryha eýe bolan sungatdyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyň ömürlik hemrasyna öwrülen bu ajaýyp sungatymyzy dünýä ýaýmakda, özboluşly ussatlygy bilen tanalýan dessançy bagşylarymyzyň döredijiligini öwrenmekde we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen ösdürmekde ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.

Şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda, Daşoguz welaýatynyň Bagtyýar zaman oba medeniýet öýünde Pälwan bagşynyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Palta Garaýewiň, Sülgün Meretgeldiýewanyň ömri-döredijiligine bagyşlanan «Görogly» eposy ussat dessançylaryň aýdym-saz hazynasynda» atly ylmy-amaly maslahat we konsert geçirildi.
Maslahatda dillerde dessan bolan «Görogly» eposy, onuň türkmen milli dessançylyk sungatynda tutýan orny, ussat dessançylar Pälwan bagşynyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Palta Garaýewiň, Sülgün Meretgeldiýewanyň durmuş ýoly we nesillere galdyran aýdym-saz mirasy barada täsirli çykyşlar edildi. Maslahat welaýatyň dessançy bagşylarynyň konserti bilen utgaşdy. Konserte dessançy bagşylar gatnaşyp, meşhur «Görogly» eposynyň şahalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýerde bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan sergi hem gurnaldy.
«Görogly» eposy ussat dessançylaryň aýdym-saz hazynasynda» atly ylmy-amaly maslahatyna we konsertine gatnaşan medeniýet we sungat işgärleri türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tanalýan halypa bagşy-sazandalaryň sarpasyny belende galdyran, bu gadymy sungatyň dünýä derejesinde dabaralanmagynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Ogultäç HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.