logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Goşa baýramçylyga bagyşlanan konsert

Şu ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Goşa baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin gurýan we döredýän merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Konsert ajaýyp çykyş bilen açyldy. Onda häzirki döwürde Milli Liderimiziň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler beýanyny tapyp, munuň üçin halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygy açylyp görkezildi. Edebi-sazly kompozisiýada Döwlet tugumyzyň hemişe parlap durmagy baradaky ajaýyp arzuwlar örän täsirli beýan edildi. Çünki Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni milli döwletliligiň dabaralanmagyny, halkymyzyň agzybirligini, döredijilikli işlere ygrarlylygy alamatlandyrýar. Bu mukaddesliklere daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýeti gurulýar, il-ýurt bähbitli giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Biz Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl tugumyzy parladyp, Garaşsyz döwletimiziň iň täze taryhyny döredýäris. Güneşli ýurdumyzyň parahat we bagtyýar geljegi üçin jebislikde ägirt uly işleri durmuşa geçirip, dünýä derejesinde ykrar edilýän ýokary ykdysady üstünliklere eýe bolýarys. Merdana halkymyzyň döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ägirt uly mümkinçiliklerimiz şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär. Konsertde şeýle mazmunly aýdym-sazly, tansly çykyşlar uly joşgun bilen ýerine ýetirildi. Şeýle hem, häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Ajaýyp sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz, Milli Liderimiziň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler, eziz topragymyzyň gözelligi wasp edildi. Konsertiň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýen şygaryndan ugur alnyp, ahalteke bedewlerimize bagyşlanan çykyşlara hem orun berildi. Goşa baýramçylyga bagyşlanan konsertde Watanymyzyň ýaşyl tugy hem-de Esasy Kanunymyz belentden wasp edildi.