logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Goşa mukaddesligiň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Baş kanuny bolan Konstitusiýamyz we Döwlet Baýdagymyz, Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan “Goşa mukaddesligiň baýramy” atly sergi gurnaldy. Sergide nakgaşçylyk we grafika sungatyna degişli ussat halypalarymyzyň ýerine ýetiren eserlerini görmek bolar. Goşa mukaddesligimiz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň şanyna uludan toýlaryň tutulmagy watansöýüjiligimiz bilen berk baglydyr. Halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Döwlet Baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň şanyna tutuljak toýlar gutly bolsun!