Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminde “Göwhere beslenen bedew” atly söhbetdeşligi geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitaphanaçylary, halypalary, okyjylary her ýylyň aprel aýynyň ahyrynda Türkmenistanda bellenilýän ahalteke bedewiniň umumy-milli baýramçylyk güni bilen gutladylar. Ruhubelent türkmen halkynyň atlara bolan garaýşynda üýtgeşik many-mazmun, paýhas, söýgi ýatandygyny beýan etdiler. Her bir türkmen maşgalasy alawlaýan ojaklaryň örki, görki bolan näzikden salyhatly gelin-gyzlaryny bezeýşi ýaly, milli buýsanjy bolan bedewlerini-de zer-zerbapdan, altyn-kümüşden, lagyl-merjenden, zümerretden amal bolan şaý-sepler bilen bezändiklerini buýsanç bilen belläp geçdiler. Atlara niýetlenen şaý-sepler adamzat taryhynyň örän irki sahypalary bilen baglanyşyklydygyny, olaryň nagyş bilen bezelişiniň, ýasalyşynyň, atlandyrylyşynyň özboluşly aýratynlyklary barada beýan etdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek hem-de ýaýratmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.