logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Göwheriň gözel şaýlary

Islendik sungat, ilki bilen, häsiýet saýlaýar diýleni. Pespäl, kiçigöwünli, yhlasly, köňül beren işine wepaly ynsanlara «Kesbinden kemal tapan» diýilýändigi hem şonuň üçin bolsa gerek. Hünärliniň häsiýetinden, zähmetinden, döredijilikli gözleglerinden wysal tapýan işler mydama ýokary baha mynasyp bolýar, eýesine uly abraý getirýär.

Zergär zenan Göwher Nuryýewa indi 30 ýyla golaý wagtdan bäri bu asylly sungat bilen meşgullanyp gelýär. Ol Suratkeşler birleşiginiň hem agzasydyr. Göwheriň işleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralýan sergilerde hem köpüň ünsüni özünde egleýär. Şu ýylyň 15-17-nji maýy aralygynda ol doganlyk Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen «Altyn sapak we zergärçilik hünäri» atly bäsleşige gatnaşdy. Özbegistanda her iki ýyldan geçirilýän bu bäsleşige Göwher eýýäm ikinji gezek gatnaşýar. 2024-nji ýylda ol bäsleşige ilkinji gezek gatnaşyp, «ÝUNESKO-nyň bäsleşiginiň ýeňijisi» diýen güwänama mynasyp bolupdy. Bu gezekki bäsleşige dürli ýurtlardan zergärleriň köp sanlysy gatnaşdy. Şonda Göwher üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan oňa 1 müň amerikan dollary hem-de bäsleşigiň Kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

—Baýrak gowşurylyş dabarasynda üýtgeşik tolgunmany başdan geçirdim. Alypbaryjynyň: «Türkmenistandan Göwher Nuryýewa» diýen wagtyndaky buýsanjymy hiç zat bilen deňäp bilmerin. Biz — zergärlere şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys - diýip, zergär zenan belleýär. Bäsleşigiň ikinji gününde bilermenler zergärleriň el işiniň görkezilişini gurapdyrlar. Göwher şonda hem ussatlyk sapaklaryny görkezip, synagdan üstünlikli geçmegi başarypdyr. Ol bäsleşige özüniň 60-a golaý işi bilen gatnaşypdyr. Olaryň arasynda gülýaka, asyk, gulakhalkalar, bilezik, sümsüle-maňlaýlyk, ýüzükler hem bar. Göwheriň bu sungatda özboluşly ýoly bar. Ol öz ýasan şaý-seplerinde millilige uly üns berýär. Gadymy şaýlarymyzyň nusgalary esasynda işläp, olary döredijilik gözlegleri bilen baýlaşdyrmaga goşandyny goşýar. Munuň üçin ol hemişe gözlegde. Inçelik bilen ýerine ýetirilýän işler zergäriň kämillige ýetendigini aýdyp berip duran ýaly. Göwheriň şaý-sepleriniň ýene bir aýratynlygy: baharda türkmen sährasynda açylan çigildemler olaryň ebedi bezegine öwrülip galypdyr. Milli şaý-seplerimiziň bezegi bolan hakyk gaşy bilen bezäp-beslemek hem onuň işlerinde aýratyn göze ilýär.

Göwheriň hem aýdyşy ýaly, zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik özara baglanyşyklydyr. Zergärçilikdäki nagyşlar beýleki keşdeler hem-de haly nagyşlary bilen deň gelýär.

Göwher geçen ýylyň dekabrynda Hindistanda geçirilen el işleriniň festiwalyna gatnaşyp gelendigini, şonda özüne ýörite güwänamanyň gowşurylandygyny hem gürrüň berdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly döredijilik, medeniýet, sungat işgärlerine hem rowaçlyk getirýär. Ýeri gelende bellesek, Göwher — bedewlerimiziň bezeg şaýlaryny ýasamagyň hem ussady. Zehinli zergär zenany nobatdaky üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa geljekde-de rowaçlyklary arzuw edýäris.