logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GÖWNEJAÝ KITAPHANA HYZMATY

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kitaphana işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistanyň kitaphana işini ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklamak» hakyndaky kararyndan ugur alyp, 1963-nji ýyldan bäri, ýagny 63-ýyla golaý wagtdan bäri kitaphana gelip yzygiderli kitap okaýan kitaphananyň işeňňir okyjysy, köp çagaly ene, ýagny 4 sany ogully, 4 sany dürli milletlerden bolan gelinli internosinal maşgalaly, 13 sany agtykly, 11 sany çowlukly bagtyýar ene Zinakamal Koçkarowanyň öýüne baryp kitaphana hyzmaty guraldy. Köneürgenç etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň gazak dilinde aýdan aýdymlary, gazak aýaly Zinakamal Koçkarowanyň türkmen dilinde aýdan aýdymlary tutuş maşgalanyň şatlygyny goşalandyrdy.

Köneürgenç etrap hassahanasynyň Keselleri anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň girelgesinde saglyga degişli kitaplar, bukletler, elektron göterijileriň kitap sergisi döredildi we çeper okaýyşlar, kitapnama synlary geçirildi. Etrap hassahanasynyň ýeňil elli lukmany, köp çagaly bagtyýar ene Akjagül Töräýewanyň iş ýerine baryp, saglyga degişli kitaplar barada, onuň köpýyllyk iş tejribesi hakynda pikir alşyldy.

Halkymyzyň eşretli, parahat durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Hurma KULLAÝEWA

Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy