logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÖWÜNLERE DOLÝAR BU GÜN TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY

GÖWÜNLERE DOLÝAR BU GÜN TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 151-nji çagalar bagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Göwünlere dolýar bu gün Täze ýylyň joşguny» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen halkymyzda ýagşy arzuwlary beýan etmek, her bir ýyly üstünlikler bilen garşy almak, asylly däbe öwrülendigi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem her birimizde uly buýsanç döredendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, taýsyz tagallalary bilen her bir ýylymyz uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslenýändigi barada buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda täze ýyl mynasybetli körpeje nesillerimiz öz ýürek joşgunlaryny, köňül arzuwlaryny, Watanymyzyň beýik ösüşlerini, bagtyýar döwrümizi, bagtly çagalygyny öz şirin aýdym–sazlarynda wasp etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.