logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Goý, ýurdumyzda çaga gülküsi belentden ýaňlansyn

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan çagalaryň durmuşda ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi, olaryň durmuşda maksadaokgunly, ruhubelent, döredijilikli döwrebap pikirlenip bilmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Çagany altyn aşyga meňzedýän ata-babalarymyz “Çagaly öý bazar” diýip ýöne ýere aýtmaýarlar. Olar adamzadyň durmuşynda iň bir zerur zadynyň biri bolup, nesil dowamatydyr. Çaga-durmuşyň güli, mukaddes ojaklaryň bezegi.

Her ýyl 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara gününi uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Türkmenistan-bagtyýar çagalaryň mekany” atly wagtlaýyn sergi we baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabaranyň çäginde muzeýimize gezelenç gurnaldy. Ýaş neslimiz ýurdumyzyň taryhy, baý medeni mirasy, gözel tebigaty bilen tanyşdylar. Geljegimize ynam döredýän, döwrümize ganat bagladýan eziz çagalaryň gözleri şatlykdan, ýüzleri gülkiden doly.

Goý, mundan beýläk hem her bir türkmeniň mukaddes ojagynda bagtyýar çagalaryň gülki sesleri mydama ýaňlanyp dursun. Bizi şeýle ajaýyplyklara ýetiren, ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin.