logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GOÝNUŇDA DYNÇ ALDYM GYZYKLY GEÇÝÄR, GYZGALAŇLY PASLYM, ŞADYÝAN PASLYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Gökderedäki “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Goýnuňda dynç aldym gyzykly geçýär, gyzgalaňly paslym, şadyýan paslym” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi.

Çärede güneşe baý tomus paslynda bagtyýar çagalaryň şatlykly owazlary ýurdumyzyň tutuş giňişligine gaýtalanmajak gözellik çaýýandygyny şeýle-de okuw möwsümini tamamlan çagalary ýurdumyzdaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gujak açyp garşylandyklary barada söhbet etdiler. Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýändikleri barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamalary ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.