logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gözel Diýarymyň şöhraty-şany, giň geljege barýan nurana bedew

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda «Gözel Diýarymyň şöhraty-şany, giň geljege barýan nurana bedew» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler ähli ugurlarda bedew bady bilen okgunly öňe barýan, halkara abraý-mertebesi belende göterilýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň abadançylygynyň, watançylyk ruhunyň, şöhratly taryhymyzda gazanylan milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz buýsanjynyň mynasyp beýanyna öwrülýändigi, Diýarymyzyň şan-şöhraty günsaýyn artyp, belent derejelere göterilýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda kitap okamaklyga bolan söýgüni has-da artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Türkmeniň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.