logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Gözel tebigatym we milli mirasym

Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökdere jülgesindäki «Nesil» we «Çeşme» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 2-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölümi tarapyndan «Gözel tebigatym we milli mirasym« atly sergi gurnaldy.

Bu sergide ülkämiziň baý tebigatynda duş gelýän birnäçe guşlaryň gäplerini, ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli egin-eşiklerini, haly we haly önümlerini, dokmaçylyga degişli, gündelik durmuşyna degişli esbaplary görkezildi. Tomusky dynç alyşdaky çagalara muzeýiň ylmy işgärleri Şirin Karaýewa we Aýgül Maşrykowa dagylar muzeý işi barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi tebigatymyzyň gözellikleri we baý medeni mirasymyz bilen tanyşdyrmak, olarda watançylyk terbiýesini ösdürmekde muzeý hünärmenleri birnäçe işleri alyp barýarlar.