logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gözel tebigatymyzy goralyň

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň “Türkmenstandartlary” Baş Döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Gözel tebigatymyzy goralyň» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde daşky gurşawymyzy gorap saklamak, ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek, obalarymyzy, şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak saklamak boýunça döwlet ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gyzykly gürrüň berdiler. Şeýle-de durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli milli özgertmeler ähli babatda adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa ugry bilen berk baglanşyklydygy hakynda aýtdylar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda gözel tebigatymyzyň täsinligini hem-de ülkämiziň biodürlüligini gorap saklamak we dikeltmek boýunça döwlet ähmiýetli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.