logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gözelleriň paýhasy bar jemlenen, daraklar kakylyp saza hiňlener

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Gözelleriň paýhasy bar jemlenen, daraklar kakylyp saza hiňlener” atly göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme sergi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan haly sungaty bilen bagly ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen baýlaşdyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlar aşyp gelen gadymy sungatyny, gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, milli medeni mirasyny öwrenmeklige, olary dünýä ýaýmaklyga uly üns berilýär. Il-günüň kalbyna deňelýän, nepis we owadan halylarymyz medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşýär. Haly türkmen medeniýetiniň iň gymmatly hem kämil mirasydyr. Türkmen halylary ussat gelin-gyzlarymyzyň köp asyrlyk döredijilikli zähmetiniň miwesidir.
Gadymy we müdimi haly sungatymyzy dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän sahawatly işleri hemişe rowaç alsyn.