Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Gözellige boýap külli älemi, zeminiň bezegi görkana Nowruz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumyadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasatlary, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bahar paslynyň gelmegi bilen tebigat janlanyp, gözel keşbe girip, owadan guşlaryň owazy bilen, her bir güni toý-baýramlara beslenýän gözel diýarymyzda, milli bahar baýramy aýratyn joşgunlylygy bilen tapawutlanýandygyny belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.