logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GÖZELLIGIŇ, BAKY ÝAZYŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Gözelligiň, baky ýazyň baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýurdumyzda Nowruz baýramyny halkymyz uly dabara bilen giňden belleýändigi, Nowruzda ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenip, älem-jahanyň röwşen reňklere beslenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy ynsanlary has-da birek-birege jebisleşdirip, bu baýramda maşgala agzalary bilen dostlar, goňşular, ildeşler bilen şatlyk-şowhunly garşylanylýandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.