logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«GÖZELLIK DÖREDÝÄR ZENAN DÜNÝÄSI» ATLY KITAP SERGI.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli “Milli mirasda nusgalyk zenanlar” atly geçirilen wagyz- nesihat çäresiniň dowamynda “Gözellik döredýär zenan dünýäsi” ady bilen kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisine Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplar, nusgawy ýazyjy-şahyrlaryň hem-de zenan ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisi okyjylarda uly täsir galdyrdy we olar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.