logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gözellik nusgasy türkmen halysy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen “Türkmen haly” döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda, Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli «Gözellik nusgasy türkmen halysy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler görküni tebigatymyzdan, örküni türkmen zenanlarymyzyň yhlasyndan alan, göreni haýrana goýýan halylarymyz gaýtalanmajak gözelligi, deňsiz-taýsyzlygy bilen dünýäde nepisligiň ajaýyp nusgasyna öwrülendigi, şeýle hem halyda milletimiziň ruhy ahwalynyň jemlenendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Halynyň her bir çitimine, nagşyna seredip türkmen topragynyň taryhy wakalary bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigatynyň jadyly dünýäsini görüp we okap bolýandygy barada durup geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda, geljekki nesillerimize ýetirmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.