Adamzat taryhynyň tutuş dowamynda dünýä halklarynyň durmuşynyň hemrasy bolup gelýän sungat müňýyllyklaryň içinde barha kämilleşip, häzirki döwürde ösüşiň örän ýokary derejelerine ýetdi. Türkmen halkynyň çeperçilik sungaty gadymy milletimiziň köp asyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny, ruhy medeniýetini özünde jemleýär.
Çeperçilik sungatynyň özboluşly ugurlarynyň biri hem grafika sungatydyr. Sungatyň bu görnüşi birnäçe bölümlerden durýar. Olardan basma grafika, amaly grafika, mahabat grafika şeýle-de senagat grafikasy has meşhurdyr. Grafika eserleri galam, tuş, akwarel, guaş, tempera ýaly usullary özünde jemlemek bilen adamlaryň ruhy baýlygyny we dünýäniň gözelligini şekillendirýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Grafika sungaty” atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan üstünden ýarym asyrdan gowurak wagt geçen grafika eserler ilkinji gezek görkezilýär.
Sergide türkmen grafika sungatynda uly yz goýan halypa ussatlaryň eserlerine aýratyn orun berilýär.Türkmen halkynyň durmuşyny, ahalteke bedewlerini, işçileri suratlandyran P.Znamenşikowyň, Ý.Nowikowyň, eserleri hem serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirildi. Ý.Nowikowyň “Halyçy zenanlar” 1966ý, “Biziň baýlygymyz” 1965ý, “Saz eseri” 1965ý, “Türkmen bedew atlary”1971ý atly eserleri sergide wajyp orny eýeleýär.
Şekillendiriş sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa suratkeş Ý.Annanurowyň belli grafika eserleri sergide öz beýanyny tapýar. Ý.Annanurowyň “Jähekçiler” 1962ý atly eserinde türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerligi wasp edilýär. Şeýle-de A.N.Kinýakin we ogly A.A.Kinýakiniň ajaýyp eserleri bu günki gün sergimize aýratyn gözellik berýär. A.A.Kinýakiniň “Kejebe”, “Ýolda” atly awtolitografiýa eserlerinde düýäniň üstünde oturan türkmen gelininiň keşbi ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir.
Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyza berlen sowgatlyk eserlerinden daşary ýurt suratkeşleri Maral Rahmanzadanyň we birnäçe näbelli suratkeşleriniň grafika eserlerini hem görmek bolýar. Şeýle-de sergide S.Meredowyň garyşyk usulyndaky birnäçe eserleri hem-de ýaş suratkeşler Ş.Baýramowanyň, O.Myradowanyň, Ş.Mämmedowanyň eserleri hem görkezilýär.
Sergi biziň milli şekillendiriş sungatymyzyň kemala geliş taryhyna, onuň pelsepe çuňlugyna bagyşlanýar. Bu sergi diňe bir geçmişi däl, eýsem häzirki zaman türkmen grafikasynyň ruhy dünýäsini hem açyp görkezýär. Türkmen grafika sungaty nakgaşçylyk sungatyndan tapawutlylykda grafika sungatynyň çeperçilik diliniň özboluşlylygyny beýan etmekden ybaratdyr. Gara we ak reňkleriň utgaşmasy arkaly döredilen eserlerde türkmen halkynyň mertligini, sabyrlylygyny we mähremliligini açyp görkezýär. Bu sergide hödürlenýän eserler dürli tehniki serişdeleri-galam, kömür, sangina, pastel, tehniki usullary ofort we grawýura arkaly adamyň içki dünýäsiniň, häsiýetiniň we ruhy ýagdaýy çeper beýan edilýär.