logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÜL ÇAGALAR WATANYMYZYŇ GELJEGI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Gül çagalar Watanymyzyň geljegi» atly gürrüňdeşlik geçirildi.

Çagalaryň arzuw bilen garaşýan şadyýan tomsy gyzgalaňly dowam edýär. Sapaly tomsuň hözirini görýän bagtyýar çagalaryň şatlyklaryna şaýat bolmak üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir işgärleri Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezine çagalara birnäçe ertekili kitaplarymyz bilen myhmançylyga geldik. Bu ýerde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirýändiklerine şaýat bolduk. Olara türkmen halk ertekili kitaplaryny okap berdik bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň öz okan kitaplaryndan goşgudyr hekaýalaryny diňledik.

Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn medeniýetli dynç almaklary üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.