Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gül Diýaryň gül-gunçasy – çagalar» atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Bu göçme sergide türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan halk döredijiligine degişli ertekili, sanawaçly, ýaňlytmaçly, goşguly ajaýyp kitaplar bilen guraldy. Dabara gatnaşan bagtyýar çagalarda we olaryň ene-atalarynda bu kitap sergisi uly gyzyklandyrma döretdi we olar özlerine degişli kitaplar bilen tanyşdylar. Şeýle-de özlerine gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Bu sergi çaga terbiýesinde ruhy-ahlak häsiýetleriň kemala gelmegi üçin örän uly ähmiýetlidir.
Sergä gatnaşyjylar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.