logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GÜL KEŞDÄM-NEPIS DÜNÝÄM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Gypjak ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy Bäşimowlaryň maşgalasynda «Gül keşdäm-nepis dünýäm» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary bilen milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi, ene-mamalarymyzdan gelýän inçe hem nepis sungatymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem öz ähmiýetini ýitirmän, döwrebap görnüşde we gadymy nusgalarda dowam etdirilýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de häzirki wagtda türkmeniň keşdeçilik sungaty ussat gelin-gyzlarymyzyň çeper gözlegleri bilen has-da baýlaşdyrylýandygy, owadan nagyşlar bilen bejerilen milli egin-eşikler köýnekler, başatgyçlar, kürteler, çyrpylar, pürenjekler, gyňaçlar, düýpli gyňaçlar, tahýalar häzirki günlerde-de halkyň arasynda giňden ýaýrandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.