logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÜL ÜLKÄME BAHAR GELDI

GÜL ÜLKÄME BAHAR GELDI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy -ýakynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde halkara Nowruz baýramy mynasybetli “Gül ülkäme bahar geldi” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi.

Baharyň gelmegi bilen gadymy döwürlerden bäri bellenilip gelinýän Milli bahar baýramy – Nowruz baýramynyň dabarasy uludan tutulýar. Nowruz diýmek – täzeleniş, täze gün diýmegi aňladýar. Ýazyň gelenine begenip, guş-gumrularyň jürküldä eýlenýän güni. Bu günden soň tebigat ähli barlyk jana herekete girýär. Tebigat oýanyp baglar, agaçlar pyntyk ýaryp, al-elwan gülläp başlaýar. Türkmen halky şu baýram gününde öýlerinde giňden saçak ýazyp, ýedi dürli tagamlar taýýarlap, goňşy-golamlar, dost-ýarlar saçak başyna üýşüp, oturýarlar. Bu adat ata-baba dowam edip gelýän agzybirligiň alamatydyr. Nowruz baýramy – dost-doganlygyň baýramy hem hasaplanýar. Geçirilen çärede hünärmen okuwçylara Nowruz baýramy barada, Semeni tagamynyň taýýarlanyşyny rowaýatyň üsti bilen gürrüň edip berdi. Baýramçylyk dabarasynda okuwçylar uly höwes bilen Nowruz baýramyna degişli birnäçe goşgudyr, aýdymlar aýdyp berdiler. Çäräniň soňunda biziň ýaş nesillerimiz üçin döredilip, berilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.