Mary şäheriniň çagalar bakja bagynyň körpeleri bilen Mary welaýat çagalar kitaphanasynda «Gül ülkämiň bagtyýar çagalary» atly kitaphana gezelenç gurnaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşlerini üpjün etmek hem-de olaryň ylymly–bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýar. Körpeje okyjylarmyzy kitaphana bilen ýakyndan tanyşdyryp, olara owadan suratly, gyzykly ertekili, goşguly kitaplary okap berildi.
Şeýle ajaýyp zamanany peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!.