logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GÜLLE MEDENIÝETIM, GÜLLE SUNGATYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Baýram han» seýilgähinde «Gülle medeniýetim, gülle sungatym» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet we sungat işgärleriniň işlerine uly üns berilýändigi, Milli medeniýetimizi açyp görkezmekde, dünýä ýaýmakda birnäçe tagallalar amala aşyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň öndümli işlemegi üçin ähli şertler döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdymyzda giňden bellenilip, elbetde, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hem medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde bellenilmeginiň aňyrsynda uly sazlaşyk many bardyr diýip, çykyşlarynda beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hemme taraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.