logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GÜLLE WATAN, JAN WATAN, GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän № 52-nji orta mekdepde «Gülle Watan, jan Watan, Garaşsyz Türkmenistan» atly şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Watan mukaddesligi, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Garaşsyz Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 34 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Höwesjeň çagalar ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly buýsanç bilen aýtdylar. Şu çärede kitaphananyň hünärmenleri «Baky Garaşsyz Watan» atly kitaplardan sergi gurnady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda biziň ýaş nesillerimiziň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.