logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÜN-GÜNDEN GÖZELLEŞÝÄR, AK ŞÄHERIM AŞGABAT

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän № 51-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde «Gün-günden gözelleşýär, ak şäherim Aşgabat» atly Aşgabat şäherimiziň günine bagyşlanan edebi-sazly ertirlik geçirildi.

Edebi ertirligiň dowamynda çagalar, eziz Türkmenistan Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady wasp edip, aýdym aýtdylar. kitaphanamyzyň hünärmenleri okuwçylara Aşgabat–gözelligiň, tämizligiň şäheri. Bu şäherde türkmen halkynyň kalby, ýüregi gül bolup açylýandygy, ak şäheriň nurana ýollaryna, tämiz seýilgählerine we dynç alyş meýdançalaryna seýil edeniňde, onuň jana şypaly howasyna, gülden görkli jemalyna we ajaýyplygyna haýran galdyrýandygy barada täsirli gürrüňler aýtdylar. Okuwçylar hem bolsa «Aşgabat», «Bagy-bossan şäherim», «Nurana şäher» ýaly birnäçe goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

Edebi ertirligiň ahyrynda halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri dör edip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.