logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÜNDOGAR WE GÜNBATAR MEDENI ADATLARYNYŇ TARYHY-GENETIKI ARABAGLANYŞYGY

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ençeme ýyllaryň dowamynda däp bolup gelýän kafedralaryň hepdelikleri yzygiderli geçirilip gelýär. Bu gün hem “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň hepdeliginiň üçünji gününde Ç.Nurymowyň, R.Allaýarowyň, B.Hudaýnazarowyň ýubileýleri mynasybetli “Gündogaryň we Günbataryň medeni adatlarynyň taryhy-genetiki arabaglanyşygy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Bu ylmy-amaly maslahatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halypa mugallymlary çykyş etdiler. Maslahatyň başyny sazyň nazaryýeti kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Şemşat Annagylyjowa “Türkmen saz sungatynyň ussat halypalary” atly çykyşy bilen açdy. Soňra, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň dosenti, s.ö.y.k., Ýelene Osipowanyň “Mukamyň täzeçe beýany”, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy, s.ö.y.k., Zulfiýa Jumagulyýewanyň “Baýram Hudaýnazarow hakynda ýatlamalar”, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy Zohra Gabibowanyň “Rejep Allaýarow. Saz dünýäsiniň binagäri”, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Laçyn Mätdurdyýewanyň “Rejep Allaýarowyň Rabindranat Tagoryň goşgularyna okyjy, solistler, hor hem-de simfoniki orkestr üçin oratoriýasynda çeper keşbiniň beýany”, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy Zamira Mamedkuliýewanyň “Saz sungatynyň ussady Çary Nurymowyň döredijilik portreti” ýaly örän gyzykly we täsirli çykyşlar boldy.
Maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy Saparmyrat Baýlyýewiň “Çary Nurymowyň döredijiligi bilen halk sazynyň arabaglanyşygy” atly çykyşy bilen jemlendi. Geçirilen ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Taganbibi DURDYÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby