logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GÜNDOGARYŇ BEÝIK AKYLDARY, ŞAHYR ALYŞIR NOWAÝYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 585 ÝYLLYGYNA

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň ýolbaşçylygynda “Gündogaryň beýik akyldary, şahyr Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige kitaphananyň işgärleri gatnaşyp, Alyşir Nowaýynyň ömri we döredijiligi, ýazan eserleri, şeýle-de “Myraly we Soltansöýün” hakyndaky rowaýaty barada aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi. Söhbetdeşlikde şahyryň eserleri barada kitaphanaçylaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphanaçylar kitaphana işini ösdürmekde, kitaplary aýawly saklamakda we ýaş nesle ýetirmekde bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.