logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«GÜNDOGARYŇ BEÝIK ŞAHYRY» ATLY ALYŞIR NOWAÝYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 585 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP, SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň 4-nji sungat mekdebiniň körpe okyjylarynyň arasynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmeginde Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna bagyşlap, “Gündogaryň beýik şahyry” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.

Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere Gündogar edebiýatynyň beýik söz ussady hasaplanylýan Alyşir Nowaýyny türkmen halkynda öz zamanasynyň uly döwlet işgäri, ökde dilçi, meşhur suratkeş, ylma, medeniýete hormat goýýan şahsyýet hökmünde giňden tanalýandygy hakynda ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi. Çünki Nowaýy Merwde ýaşan döwründe özüniň ajaýyp edebi döredijiligi bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekillerine oňaýly täsirini ýetiripdir. Şonuň ýaly-da onuň dürdäne şygyrlaryny türkmen bagşy-sazandalary aýdym edip aýdýarlar. Türkmen dutarynda “Nowaýy perdesi” diýen saz perdesi bar. Şeýle hem “Nowaýy” deýen halk saz halk arasynda meşhurdyr. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmeniniň beren gürrüňleri aýdym-saz ugrunda bilim alýan ýaş nesiller gyzyklanma bilen diňlediler. Alyşir Nowaýynyň bize miras galdyran “Perhat we Şirin” poemasy, “Gülpam” dessany hakynda hem söhbet edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar edebiýatymyza, sungatymyza goşant goşan şahsyýetleri sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.