logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÜNEŞ MENIŇ ŽURNALYM

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş günlerini sapaly geçirýän ýaş nesilleriň arasynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygymyza myhman bolup çagalaryň söýgüli neşiri bolan «Güneş» žurnalynyň suratkeşi Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Döwlet Akyýew hem gatnaşdy. Suratkeş ýaş nesillere surat çekmekligiň inçe ýollary barada we «Güneş» žurnalyň her sanynda ýerleşdirýän suratlarynda körpeleriň söýgisini gazanmakda yhlasly zähmet çekmekligiň ähmiýeti hakynda täsirli gürrüňleri berdi. Aýratynda ertekileriň gahrymanlaryny surata geçirmeklikde gyzykly gürrüňleri berip çagalar bilen sorag-jogap alyşdy. Bu hem halypa-şägirtlik mekdebine aýratyn ähmiýet berilýän häzirki döwrümizde duşuşyga gatnaşan ýaş nesillerde aýratyn täsir galdyrdy.

Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar sungatymyza, medeniýetimize aýratyn sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.