logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gurban baýramy - hoşniýetliligiň we päkligiň baýramy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gurban baýramy mynasybetli “Gurban baýramy - hoşniýetliligiň we päkligiň baýramy” atly söhbetdeşlik gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli baýramlaryny uly ruhubelentlik, agzybirlik hem-de buýsanç bilen belleýär. Şeýle mukaddes baýramlaryň biri bolan Gurban baýramy hem ynsanperwerligi, päkligi, ýagşylygy we birek-birege hormat goýmagyň beýik nusgasyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda her ýyl giňden, şatlyk –şowhun bilen bellenilýän bu baýramçylykda toý-sadakalary berlip, milli tagamlarymyz bişirilýär, naz-nygmatly desterhanlar giňden ýazylýar, ýaş neslimiz hiňňildik uçup, ýagşy arzuw niýetler edilýär. Bu bolsa däp-dessurlarymyzyň gadym döwürlerden bäri saklanyp gelinýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle baýramçylyklarymyzy dünýä derejesinde bellemäge giň mümkinçilikleri açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.