logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GURBANNAZAR EZIZOWYŇ ŞAHYRANA ŞAHSYÝETI

GURBANNAZAR EZIZOWYŇ ŞAHYRANA ŞAHSYÝETI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gurbannazar Ezizowyň doglan güni mynasybetli «Gurbannazar Ezizowyň şahyrana şahsyýeti» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan meşhur ýazyjy-şahyrlarymyzyň, sungat ussatlarymyzyň hatyrasynyň belentden tutulýandygyny belläp, edebiýat taryhynda yz galdyran şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygynyň dabara bilen bellenilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyr öz şygyrlary bilen türkmen topragynyň waspyny belentden ýetirip, onuň goşgularynyň birnäçesi aýdym edilip ýüreklerde baky orun alandygy hakynda beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.