logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ PUDAKLARY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklary ösüşlere beslenýär» atly söhbetdeşlik gurnady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowlandyrmak, Garaşsyz Türkmen döwletimizi gülledip ösdürmek barada edýän yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklarynda hem düýpli özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde bu ulgam milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi we onuň möhüm düzümi bolan senagat, gurluşyk ulgamy ýokary depginler bilen ösýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary hem ilatymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa senagat we gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär hem-de pudakda olaryň eksportyny artdyrmak ugrunda ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagyny has-da ösdürmäge hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýänligi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramyny gutlamak bilen, işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.