logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gürrüňdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda golaýda, Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly kitaby hakynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň bilim-terbiýeli we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri baradaky öňe sürýän taglymatlary uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň ýagşy öwüt-ündewlerinde Watana bolan söýgi, milliligimize hormat goýmak, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, ylym-bilime ymtylmak ýaly asylly ýörelgeler öz beýanyny tapýar. Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynda eden taryhy çykyşy beýan edilýär. Ine, şular hakynda kitaphana hünärmenleri hem-de söhbetdeşlige gatnaşanlar giňişleýin pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, ýaş nesiller barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.