logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GUŞLAR DÜNÝÄSI

GUŞLAR DÜNÝÄSI

2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Guşlar dünýäsi» atly Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebinde göçme sergi gurnady.

Guşlaryň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriniň okuwçylaryň arasynda guşlar bilen bagly test görnüşinde bäsleşik geçirýär.

2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebinde göçme sergi gurnady. Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň gäpleri (18 görnüşi) we suratlary (14 görnüş) sergilendi.

Muzeýiň ylmy işgärleri okuwçylara guşlar barada gyzykly maglumatlar aýdyp berdiler we şonuň esasynda test görnüşinde bäsleşik geçirdiler.

Geçirlen bäsleşikde 20 sany okuwçy ýeňiş gazandy. Olar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalyndaky guşlar bilen tanyş bolarlar we 2-nji tapgyra degişli testler hödürlener.