logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«GUŞLARYŇ OWAZY-PARAHATÇYLYGYŇ GÜWÄSI» ATLY SURAT BÄSLEŞIGI

«GUŞLARYŇ OWAZY-PARAHATÇYLYGYŇ GÜWÄSI» ATLY SURAT BÄSLEŞIGI

Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her bir güni göwünleri galkyndyrýan ýatdan çykmajak şanly wakalar, baýramçylyk dabaralary mynasybetli ýokary guramaçylykda geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan Diýarymyzyň özboluşly tebigatyny, onuň biologiki baýlyklaryny rejeli peýdalanmakda, gorap saklamakda her bir raýatyň watançylyk duýgusynda ekologiki sowatlylygyny ýokarlandyrmak syýasatyny göz öňünde tutup, her ýyl 1-nji aprelinde bellenilýän Halkara Guşlar güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýat we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde Lebap welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň 15-17 ýaşly ýaşlaryň arasynda «Guşlaryň owazy-parahatçylygyň güwäsi» atly surat bäsleşigi yglan edildi.

Bäsleşigiň Düzgünnamasy esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyny goldap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş suratkeşleriň zehinlerini ýüze çykarmakdan, türkmen tebigatyna bolan söýgini döretmekden, tebigatyň ähli baýlyklaryny we onuň guşlaryny gorap saklamak maksady bilen serginiň jemi jemlenildi. Bu baýramçylyk tebigatyň gelşigi özüne çekiji, guwandyryjy, täsin galdyryjy we ruhuňy göteriji jandary guşlary goramak babatda wajyp pikirleri wagyz etmäge bagyşlanýar. Ýeriň ýüzünde köp guşlaryň ýitip gitmegi bilen bagly meseleleri çözmek babatda adamlaryň medeniýetini ýokarlandyrmagy hem göz öňünde tutýar.

Guşlaryň baýramçylygy ilkinji gezek 1894-nji ýylda ABŞ-nyň Oýyl-Siti şäherinde bellenilýär we habar beriş serişdeleri arkaly bütin dünýäde giňden meşhurlyk gazanýar, soňra bu baýramçylyk Ýewropa aralaşýar hem-de häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär. Türkmenistanda guşlaryň gününi bellemeklik we olary goramak 1968-nji ýylda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzalary guşlary, daşky gurşawy goramak pikirleri wagyz etmekde Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda yzygiderli okuw maslahatlaryny hem-de çykyşlary gurap, uly işleri durmuşa geçirýärler. 2004-nji ýyldan bäri Türkmenistanda Gyşlaryň güni täze hyjuw bilen bellenip başlanyldy. Şol ýyl Türkmenbaşy şäherinde guşlary söýüjiler kluby hem döredildi. Türkmenistanyň çäginde hemişelik we wagtlaýyn ýaşaýan guşlaryň 420-den gowrak görnüşi duş gelýär. Ýabany tebigatda guşlar haýsy bolsa, bir ýurduň emlägi bolup bilmeýär, olar uçmak ukyby arkaly planetamyzyň serhetsiz ýaşaýjylary bolup, halklary we ýurtlary birleşdirýärler. Guşlaryň gününiň ýazda bellenilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki ýazda olar höwürtgeleýärler, köpelýärler, bir topary demirgazyk ýurtlara uçup gidýärler we ol ýerde jüýjelerini ulaldyp, ýene-de biziň ýurdumyza gyşlamaga we türkmen topragynyň ýyly mährinden güýç-kuwwat almaga gelýärler.

Çagalaryň çeken nakgaş, grafika we gobelen eserlerinde Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli pursatlardaky owadan keşpleri, olaryň tebigatymyzyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen adamzadyň durmuşynda uly orny eýeleýändigi, dürli reňkleriň üsti bilen giňden ýaýbaňlandyrylyp görkezilýär. Serginiň dowamynda guşlaryň dürli görnüşleriniň ýasalan gäpleriniň görkezilmegi bolsa olaryň köpdürliligini wasp edýär we sergä özboluşly öwüşgin çaýýar. Döredijilikli bäsleşikde ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. 1-nji orna Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Zarafşanowa Merjeniň “Serçeler bugdaý meýdanynda”, 2-nji orna Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Umitjanowa Mahiranyň “Serçe”, Seýdi şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Şakirjanowa Maksadyň “Maşgala”, 3-nji orna Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Muhtarbaýew Mekan “tawus guşy”, Türkmenabat şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Rejepowa Eneş “Baharyň buşlukçysy”, Türkmenabat şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Berkmuradowa Melike “Garlawaç baharyň bezegi’ dagylar eýe boldular. Şol sanda höweslendiriji sowgatlar bilen Türkmenabat şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Rustamowa Aýlar, Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Meýlisowa Ogulnur, Dänew etrap çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Ruslanowa Şerhal, Hojambaz etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Şöhrat Hudaýberenow hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Bäsleşige gatnaşyjylar tebigatyň baýlygy bolan guşlary goramakda we öwrenmekde uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.