Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda "Zehin joşguny" atly täsirli konsert geçirildi. Konsert maksatnamasy dünýä nusgawy sazynyň görnükli wekilleriniň eserlerini özünde jemläp, diňleýjileriň ünsüni skripka saz guralynyň baý çeperçilik mümkinçiliklerine gönükdirdi. Maksatnamanyň mazmuny dürli döwürleriň sazçylyk däplerini özara utgaşdyrmak, nusgawy mirasyň gözelligini açyp görkezmek we ýaş zehinleriň ýerine ýetirijilik ukybyny şöhlelendirmek bilen tapawutlandy.
Sungat adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, onuň duýgularyny terbiýeleýän we gözellige bolan garaýşyny kämilleşdirýän güýçdir. Aýratyn-da, saz sungaty söz arkaly beýan etmek kyn bolan inçe duýgulary owazlaryň üsti bilen diňleýjiniň kalbyna ýetirýär. Skripka saz guraly bolsa giň ses mümkinçilikleri, baý dinamiki öwüşginleri bilen dünýä saz medeniýetinde möhüm orun eýeleýär. Konserwatoriýanyň ýaş mugallymlary Mährijemal Nazarowanyň we Selbi Ataýewanyň konsert maksatnamasy hem bu saz gurallarynyň çeperçilik mümkinçiliklerini dürli kompozitorlaryň döredijiligi arkaly açyp görkezmäge gönükdirildi.
Konsertiň maksatnamasynda S.Prokofýewiň "Romeo we Julýetta" operasyndan Montekki-Kapuletti pýesasy, I.Bahyň Sonata №1 Sisiliana, A. Glazunowyň Uly adažio, A.Haçaturýanyň Konsert III bölümi hem-de A. Şapoşnikowyň "Türkmen tansy" eserleri ýerine ýetirilmek üçin saýlanylypdyr. Mährijemal Nazarowa hem-de Selbi Ataýewa fortepiano saz guralynda Elmira Jumakulyýewa sazandarlyk etdi.
Dünýä saz sungatynyň görnükli wekilleriniň biri bolan Sergeý Prokofýewiň döredijiligi çeperçilik aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Onuň eserleri diňe bir tehniki ussatlygy ösdürmek üçin niýetlenen eserler bolman, eýsem çuňňur liriki mazmuny we özboluşly saz dili bilen tapawutlanýan eserlerdir. Şeýle eserleriň ýerine ýetirilişi sazandadan tehniki takyklyk bilen birlikde saz pikiriniň içki manysyna düşünmegi hem talap edýär.
Iogann Sebastýan Bahyň Sonata №1 Sisiliana eseri bolsa nusgawy sazçylyk mekdebiniň baý däplerini we kompozitoryň özboluşly döredijilik dünýäsini şöhlelendirýär. Şeýle eserleriň ýerine ýetirilişinde owazlaryň gatlaklaryny aýdyň tapawutlandyrmak, dinamiki öwüşginleri sazlaşykly guramak esasy şertleriň biridir.
Konsert maksatnamasynda Aleksandr Glazunowyň we Aram Haçaturýanyň eserleri özboluşly öwüşginleri arkaly saz sungatynyň umumadamzat medeniýeti bilen arabaglanyşygyny görkezýär. Şeýle hem, A. Şapoşnikowyň "Türkmen tansy" eseriniň bu konsertde orun almagy milli sazçylyk mekdebiniň döredijilik mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmany artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Mährijemal Nazarowanyň we Selbi Ataýewanyň konsert maksatnamasynyň ähmiýeti diňe bir dürli kompozitorlaryň eserleriniň ýerine ýetirilmegi bilen çäklenmeyär. Şeýle çykyşlar diňleýjileriň saz medeniýetini ösdürmekde, ýaş nesli dünýä nusgawy mirasy bilen tanyşdyrmakda we saz sungatyna bolan gyzyklanmany artdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Bu konsert saz sungatynyň bilim, terbiýeçilik we çeperçilik ähmiýetini ýene bir gezek şöhlelendirdi. Saz — ynsan kalbynyň sözsüz dilidir. Ol dürli döwürleriň we halklaryň ruhy dünýäsini özünde jemleýär. Mährijemal Nazarowanyň, Selbi Ataýewanyň konsert çykyşy hem sungatyň täsirini we saz gurallarynyň çeperçilik güýjüni açyp görkezýän manyly çykyş hökmünde ýatda galdy.
Mahym MEDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň talyby.